“Ady äleme dolan Beýik Pyragy”


“Ady äleme dolan Beýik Pyragy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda “Ady äleme dolan Beýik Pyragy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesine, milletiň kalbynyň owazyna, kalbynyň senasyna öwrülip, ýüreklerde baky ýaşaýan Magtymguly Pyragynyň danalyga, pähim-parasada ýugrulan şahyrana dünýäsi türkmeni, türkmen şygryýetini dünýä tanadanlygy, Magtymguly Pyragynyň kitaplarynyň ösüp gelýän ýaş nesillere terbiýeçilik ähmiýetiniň uludygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda Magtymguly Pyragynyň ajaýyp goşgulary hem ýerine ýetirildi.

Çäräniň ahyrynda bizi asuda asmanyň astynda parahat zeminiň üstünde ýaşamaga, işlemäge döredip berýän uly mümkinçilikleri üçin, Magtymguly Pyragynyň döredijiligine çuňňur sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.