«Beýik ussat Pyragy – dünýä edebiýatynyň şamçyragy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi


«Beýik ussat Pyragy – dünýä edebiýatynyň şamçyragy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi hem-de Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde guramagynda «Beýik ussat Pyragy – dünýä edebiýatynyň şamçyragy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň pähim-parasada ýugrulan baý döredijilik mirasynyň türkmen halkynyň ruhy gymmatlygynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeniýetimiziň aýrylmaz bölegidigini, şahyryň şygyrlarynyň ynsan durmuşynda uly ruhy güýç bolup, ýaşlara çuň bilim bermekde terbiýe mekdebi bolup durýandygyny belläp geçdiler.

Şahyryň edermenlik, batyrlyk, gahrymançylyk, erkinlik bilen asylly häsiýetleri bitewileşdirýän, asylly ýollara çagyrýan parasatly pähimleriniň, öwüt-ündewleriniň ençeme menzil aşyp, şu günlere gelip ýetendigini buýsanç bilen beýan etdiler.