“Garagumyň aýdymçysy” atly şahyr Kasym Nurbatowyň doglan gününiň 70 ýyllygyna bagyşlanan edebi ertirlik.


“Garagumyň aýdymçysy” atly şahyr Kasym Nurbatowyň doglan gününiň 70 ýyllygyna bagyşlanan edebi ertirlik.



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminde “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Garagumyň aýdymçysy” atly şahyr Kasym Nurbatowyň doglan gününiň 70 ýyllygyna bagyşlanan edebi ertirligi geçirdiler. Edebi ertirligiň dowamynda şahyryň ömri we döredijiligi barada hünärmenlerimiz dynç alýan çagalara gyzykly gürrüňleri we birnäçe goşgulary labyzly okap aýdyp berdiler. Şeýle-de, kitaphanamyzyň hünärmenleri şahyryň döredijiligi barada gyzyklanýan çagalar bilen sorag-jogaplary alyşdylar.
Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy. Kitaphanamyzyň hünärmenleri tarapyndan gurnalan sergide şahyr Kasym Nurbatowyň goşgular ýygyndylaryny ýerleşdirdiler.
Edebi ertirligiň ahyrynda ýazyjy-şahyrlarymyzyň ömri we döredijiligini giňişleýin öwrenmäge we ony ýaş nesillere ýetirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.