“Arzuwlan zamanaň geldi Pyragy, Milli medeniýetiň ösen zamany”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Täze zaman ýaşaýyş jaý toplumynyň Medeniýet merkezinde “Arzuwlan zamanaň geldi Pyragy, Milli medeniýetiň ösen zamany” ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni ýurdumyzda sungatyň toýy hökmünde bellenilýär. Medeniýetiň, edebiýatyň, sungatyň gymmatlyklary halkymyzda ösüşiň täze belentliklerine tarap hereket etmegine, döredijilikli zähmet çekmegine kuwwatly itergi berýär. Döredilen ajaýyp şertler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özleriniň eserlerinde mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyny wasp edýän medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň hünär taýdan ösmegine ýardam edýär. Çärede hünär baýramçylygy mynasybetli döredijilik işgärleriniň eden çykyşlary, Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan okan çeper okaýyşlary çäräniň şowhunyny has-da artdyrdy şeýle hem gurnalan kitap sergisi, amaly-haşam we surat sergileri oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda türkmen medeniýetini we sungatyny dünýä ýaýmaga, gadymy ýadygärliklerimizi, halkymyzyň taryhy we medeni mirasymyzy düýpli öwrenmäge, milli gymmatlyklarymyzy ýüze çykarmaga uly mümkinçilikleri döredip berýänligi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.