Arkadag Serdarly ýurtda, sarpaň belent Pyragy


Arkadag Serdarly ýurtda, sarpaň belent Pyragy



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Arzuw şäherçe kitaphana şahamçasy, Türkmen döwlet Neşirýat gullugynyň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Arkadag Serdarly ýurtda, sarpaň belent Pyragy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde her bir güni uly şatlyk-şowhuna beslenýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly halkymyza bagtyýarlyk eçilýän ýyllaryň biri bolandygy, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlary bilen ynsan kalbynda baky orun aldygy nusgawy şahyryň watançylygy, ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän goşgulary, ýaşlar üçin uly gollanma bolup durýanlygy barada söhbet etdiler. Şeýle-de, 2024-nji ýyl Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny halkara derejede belleniljekdigi, hem-de bu baýramçylyga ýurdumyzyň her bir welaýatlarynda, etraplarynda uly taýýarlyk görülýänligi barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.