“Çaga terbiýesinde türkmen milli oýunlarynyň ähmiýeti”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Çaga terbiýesinde türkmen milli oýunlarynyň ähmiýeti” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen, bahasyna ýetip bolmajak, asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyz häli-häzire çenli öz gadyr-gymmatyny ýitirmän, nesilden-nesile geçip, barha kämilleşýän we döwrebaplaşýan milli oýunlarymyz şu günlerimizde hem ýaş nesilleriň ylaýta-da çagajyklaryň sagdyn kemala gelmeginde aň-düşünjeli, kämil ynsan bolup ýetişmeklerinde öz mynasyp täsirini ýetirýändigi şeýle-de türkmen milli oýunlary ençeme wagt öň dörän hem bolsa, häzirki wagtda oglanjyklardyr, gyzjagazlar üçin söýüp oýnalýan oýunlaryň biridigi we olary terbiýelemekde ähmiýetiniň örän uludygy hem-de oýunlaryň üsti bilen çagalar gelejekde öz durmuş ýoluny dogry saýlamagy, başarjaň, maksada okgunly, sagdyn bedenli, sagdyn ruhda terbiýelemekde örän uly ähmiýetiniň bardygy barada giňişleýin söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen milli oýunlarymyzyň türkmen edebiýatynyň içinden eriş-argaç bolup geçýändigini, muňa mysal bolup türkmen halk ertekileri bolan “Akpamyk”, “Böwenjik”, “Japbaklar”, “Ejekejan” ýaly ertekilerde ýa-da “Görogly” şa dessanynda “Gorkut ata” eposynda, türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerinde duş gelýändigini belläp geçdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.