Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet – gadymy taryhyň kämil beýany
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň bilelikde guramagynda «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet – gadymy taryhyň kämil beýany» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby taryhy öwrenmekde gymmatly maglumatlary özünde jemleýändigi, bu kitabyň gadymy şäheriň şöhratly şu güni hakynda hem beýan edilýändigi we berkarar ýurdumyzda taryhy ýadygärliklerimizi, medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, geljekki nesillere ýetirmek boýunça geçirilýän giň gerimli işler öz beýanyny tapýandygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de täze kitap ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazyna bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda ata Watanymyzyň, merdana halkymyzyň bagtyýar geljegi ugrunda uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyza alkyş sözleri aýdyldy.