Garaşsyzlyk-bagtymyzyň gözbaşy
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda ýerleşýän Garaşsyzlyk binasynda «Garaşsyzlyk-bagtymyzyň gözbaşy» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we döredijilik duşuşygy geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň geçen 32 ýylyň içinde ýurdumyzy durmuş – ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek, Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrmak boýunça amala aşyrylan işler we gazanylan üstünlikler barada belläp geçdiler.
Çäräniň dowamynda mukaddes Garaşsyzlyk gününiň waspyny şahyrlar öz goşgy setirlerinde beýan etdiler. Baýramçylyk mynasybetli gurnalan kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary, ata Watanymyzyň dünýä derejesindäki ösüşlerini hemmetaraplaýyn açyp görkezýän edebiýatlar ýerleşdirildi we tanyşdyryldy.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.