“Altyn güýze şan getiren senäm sen, Garaşsyzlyk bir mukaddes penam sen”


“Altyn güýze şan getiren senäm sen, Garaşsyzlyk bir mukaddes penam sen”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde gurnamagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyçylygy mynasybetli “Altyn güýze şan getiren senäm sen, Garaşsyzlyk bir mukaddes penam sen” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde her bir güni toý, baýrama, egsilmez joşguna beslenýän parahat ýurdumyzda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bütin dünýäde ösen döwletleriň hatarynda tanalyp, kuwwatly Watanymyzda şöhratly türkmen halky erkana, agzybir, abadan we parahat durmuşda ýaşap, ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuwlap gelen mukaddes gymmatlygymyzdan ruhlanyp döredijilikli zähmet çekýändigi, Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň içinde medeni taýdan sazlaşykly, senagat we ykdysady taýdan kuwwatly ösen, ylymyň gazananlaryna daýanýan, giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygy, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent sepgitleriň, gazanylýan üstünlikleriň gözbaşynda hormatly Prezidentimiziň çuňňur oýlanyşykly, döredijilikli, pähim-paýhasly başlangyçlary we giň gerimli özgertmeleri, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna esaslanýan maksatnamalarynyň durýandygy barada täsirli gürrüň edildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş sözleri aýdyldy.