Saglyk – başymyzyň täji


Saglyk – başymyzyň täji

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherindäki «Bagtyýar nesiller» adyndaky 74-nji orta mekdebinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli «Saglyk – başymyzyň täji» atly söhbetdeşligini geçirdi.

Nesil saglygyny ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan – melhemler mekany», «Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy», «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Çaý melhem hem ylham» ýaly ajaýyp kitaplaryndan ugur alyp, kitaphanaçylar okuwçylara gyzykly gürrüňler berdiler. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ýaramaz endiklerden daşda durmagy, beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, gujur-gaýratly adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.

Adam saglygyny ähli zatdan ileri tutýan we bu ugurda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, il – ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!