Parahatçylyk – hoşniýetli ýörelge


Parahatçylyk – hoşniýetli ýörelge



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda paýtagtymyzyň gözel ýerinde ýerleşýän “Ylham” seýilgähinde “Parahatçylyk- hoşniýetli ýörelge” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi we göçme kitap sergisi gurnaldy.
Çärede Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Bitaraplyk huhuk ýagdaýyna eýerip, ýer ýüzünde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde möhüm orny eýeleýändigi,Türkmenistan üçin parahatçylyk we ynanyşmak döwletiň iň uly baýlygy bolup, halklaryň abadan durmuşyny üpjün etmekde esasy ugur bolup durýandygyny, parahatçylygy gorap saklamak bolsa dünýäde iň ýokary gymmatlykdygy barada şeýle-de şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygyna görülýän uly taýýarlyk barada giňişleýin gürrüň berdiler.Gurnalan göçme kitap sergide Gahryman Arkadagymyzyň eserleri hem-de döwrümiziň ösüşlerini wasp edýän ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserleri ýerleşdirildi. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.