«Magtymgulynyň döredijiligi – ruhy dünýämiziň hazynasy» ady bilen göçme kitap sergisi geçirildi
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda «Magtymgulynyň döredijiligi – ruhy dünýämiziň hazynasy» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz nesihat çäresi geçirildi.
Çärede edilen çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna uly taýýarlyk görülýändigi, şeýle-de söz ussady, türkmen halkynyň dana akyldary Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny, baý döredijiligini we nusgawy ömür ýoluny öwrenmek, onuň dünýä edebiýatyna goşan goşantlaryny dabaralandyrmak ugrunda uly işler durmuşa geçirilýändigi bellenildi.
Çäräniň dowamynda «Magtymgulynyň döredijiligi – ruhy dünýämiziň hazynasy» ady bilen göçme kitap sergisi hem gurnaldy. Sergide Gündogaryň beýik söz ussady akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy hem-de şahyryň baý döredijilik älemine degişli eserler ýerleşdirildi. Bu geçirilen çäre talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy.