“Ýaşyl tugum-parahatlyk baýdagy”


“Ýaşyl tugum-parahatlyk baýdagy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda 132-nji orta mekdepde “Ýaşyl tugum-parahatlyk baýdagy” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede ”Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilenine 30 ýyl dolmagy ýurdumyzyň durmuşynda taryhy wakadygy şu geçen döwürde Konstitusiýamyzyň döwrebap derejede kämilleşmegi üçin birnäçe taryhy işler amala aşyrylýar, döwrebaplaşdyrylan kanunlar adamlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirip, Watan üçin döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.Türkmenistanyň özygtyýarlygyny alamatlandyrýan Konstitusiýamyzyň we Döwlet baýdagymyzyň gününi dabaraly bellemek asylly däbe öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bu goşa mukaddesligimiziň baýramy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uludan toýlanýar. Çärede Esasy Kanunymyzy hem-de Döwlet baýdagymyzy ýaşlara wagyz etmek, olarda watansöýüjiligi terbiýelemek mukaddes borjy bolup durýanlygy hem-de ýurdumyzyň, halkymyzyň röwşen geljege ynamly barýandygyny subut edýänligi barada giňişleýin gürrüň berdiler. 132-nji orta mekdebiň okuwçylarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp watanymyzy, ýaşyl tugumyzy wasp edýän birnäçe goşgulary ýerine ýetirdiler.
Çäräniň ahyrynda hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.