Parahatçylyk we ynanyşmak - bagtyýarlygyň goşa ganaty
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Büzmeýin etrap medeniýet öýleriniň bilelikde gurnamagynda Bagyr medeniýet öýünde 2021-nji ýyl «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak-bagtyýarlygyň goşa ganaty» ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.
Çärede çykyş edenler beýik hem-de aýdyň geljege barýan ata Watanymyz «Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem uly rowaçlyklara beslenip, 2021-nji ýyl Ýer ýüzünde parahatçylygyň, abadançylygyň, uly üstünlikleriň, rysgal – berekediň ýylyna öwrülýändigi, ýurdumyzyň ösüşlerini has-da dabaralandyryp, ata Watanymyzy röwşen geljege sary alyp barýandygy, şeýle-de şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toý dabarasyna türkmen halky ähli ulgamlarda öz zähmet üstünlikleri bilen barmagy maksat edinýänligi, bu mukaddes baýramyň şanly seneleri, taryhy wakalary, belent sepgitleri bilen bilelikde Ýer ýüzüne ýaň saljakdygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.