Aýdar Magtymguly, sözüm älemdir – Nesihatym uly ile ylymdyr


Aýdar Magtymguly, sözüm älemdir – Nesihatym uly ile ylymdyr

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda 129-njy orta mekdebinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Aýdar Magtymguly, sözüm älemdir – Nesihatym uly ile ylymdyr» ady bilen gürrüňdeşlik geçirdi.

Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň baý medeni we edebi mirasyny öwrenmekde, ony baýlaşdyrmakda, şu günki we geljekki nesillere ýetirmekde alynyp barylýan işler bu günki günde oňyn netijelerini görkezýändigi şeýle-de türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligine näçe çuň aralaşdygyňça, onuň setirleriniň syrly ýumagy paýhaslar älemine alyp gidýän şahyryň goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýetiniň örän uludygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň dowamynda mekdep okuwçylary akyldar şahyryň goşgularyndan labyzly okadylar.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.