“Ylymyň ösüşi-döwürleriň aýnasy”


“Ylymyň ösüşi-döwürleriň aýnasy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Ylymyň ösüşi-döwürleriň aýnasy” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň: “Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek biz ylymyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris” diýip belleýär we ýurdumyzda ylym-bilimiň dünýä derejesine çykmagy, ýaş zehinlileriň öňe saýlanmaklary, ylym-bilim bizi kämillige ýetirjek röwşen çyragydyr. Islendik ýurduň, islendik jemgyýetiň ykdysady, syýasy we ruhy taýdan ýokary galmagy nesilleriň her biriniň raýatlyk we hünär taýdan tagallalaryna baglydyr. Eger nesiller bilimli, giň gözýetimli, gujurly, hakyky watançy bolsa jemgyýet gülläp ösýär, döwlet bolsa barha täze belentliklere galýar. Ýaşlara bilim we terbiýe bermek babatda Türkmenistanyň syýasatynda çagalaryň döredijiligini ösdürmäge möhüm orun berilýändigi barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda bize okamaga, işlemäge, öwrenmäge hem bilimdir zehinimize daýanyp, dürli derejelerdäki bäsleşiklere gatnaşyp,üstünlikli netijeleri gazanmaga giň ýol açýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli, beýik tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!