Dowamatdyr - bu gün ýoluň Pyragy


Dowamatdyr - bu gün ýoluň Pyragy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň merkezi Geňeşi hem-de «Ýaşlyk» teleýaýlymy bilen bilelikde «Dowamatdyr - bu gün ýoluň Pyragy» atly zehinli ýaş şahyrlaryň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi.

Bu döredijilik bäsleşiginde çykyş edenler özleriniň döreden ajaýyp goşgularyny, ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Telebäsleşigiň ahyrynda çykyş eden ýaşlarymyzyň ýeňiji bolanlaryna Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň merkezi Geňeşi tarapyndan gymmat bahaly baýraklara mynasyp boldylar.