Arkadagly zamanada türkmen halky bagtyýar


Arkadagly zamanada türkmen halky bagtyýar



Aşgabat şäher Medeniýet müdirligi bilen Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň bilelikde gurnamagynda Bagtyýarlyk etrabynyň Täze zaman Medeniýet öýünde “Arkadagly zamanada türkmen halky bagtyýar” ady bilen çäre geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşymyza ornaşdyran täzeçillikleri umumadamzat bähbitlerinden ugur alýan halkymyz täze ýyly Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen baglanyşdyrmak baradaky arzuw-islegleri nazarda tutulyp, uly rowaçlyklara beslenip gelýän 2022-nji ýylyň şygary hökmünde “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip atlandyrylmagynyň teklip edilmegi, halkymyzyň döwlet Baştutanymyza hormat-sarpasyny, alamatlandyrýandygy şeýle-de, eziz Diýarymyzyň täze belentlikleriň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyna halk bilen Mähriban Arkadagymyzyň jebisligi netijesinde täze zähmet üstünlikleriniň hem-de rowaçlyklaryň buşlukçysy bolup ýaňlanýandygy halkyň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy.