Owazasy dünýä dolan bedewler


Owazasy dünýä dolan bedewler

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 83-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Owazasy dünýä dolan bedewler» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde dünýä gymmatlyklarynyň birine öwrülen, şöhratly ahal-teke bedewleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlarynyň we ösüşleriniň aýdyň nyşany bolup, ol özüniň köp asyrlyk taryhy özboluşlylygy, ýyndamlygy we aýratyn gözelligi bilen tutuş dünýäni haýrana goýýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de ahal-teke bedewlerimiz türkmen halkynyň mizemez gymmatly hazynasy hasaplanylýandygyny hem-de häzirki wagtda ata-babalarymyzdan miras galan asylly däplerimizi tutuş ýer ýüzüne ýaýmakda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýandygy barada giňişleýin beýan etdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda owazy dünýä dolan behişdi bedewlerimize sarpa goýýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.