Beýik Ýeňşiň 77 ýyllyk baýramy mynasybetli “Watana wepaly gerçekler” ady bilen geçirilen aýdym-sazly dabara.


Beýik Ýeňşiň 77 ýyllyk baýramy mynasybetli “Watana wepaly gerçekler” ady bilen geçirilen aýdym-sazly dabara.



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebinde Beýik Ýeňşiň 77 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli “Watana wepaly gerçekler” atly aýdym-sazly dabara geçirdi. Dabaranyň dowamynda Watan üçin şirin janyny orta goýan gerçekler barada şeýle-de tylda zähmet edermenligini görkezen gyz-gelinler, ýetginjekler barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de gitara saz guraly bilen ýerine ýetirilen söweş ýyllarynyň aýdymlary ýaňlandy. Mekdebiň höwesjeň okuwçylary hem ata Watanymyzy, Watanyň gerçek ogullarynyň edermenligini wasp edýän goşgulary uly buýsanç bilen labyzly aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem okuwçylarda uly täsir galdyrdy.
Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda Watan üçin edermenlik nusgasyny görkezen gerçeklerimizi hormatlap sarpalaýan Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.