“Türkmen zenany dünýä görelde”


“Türkmen zenany dünýä görelde”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 29-njy orta mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Türkmen zenany dünýä görelde” ady bilen edebi-sazly agşam geçirildi.
Çärede çykyş edenler mährem enelerimiziň, geliň-gyzlarymyzyň mähribanlygy, güler ýüzlüligi ajaýyp bahara deňelip, türkmen zenanynyň abraý derejesi, ynsanperwerligi, maşgala ojagyna wepadarlygy, edep-ekramlylygy, olaryň on barmagynyň gudratyndan dörän çeper el hünärleriniň müňýyllyklar içre baýdak kimin belentde sarpalanyp gelýändigi, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçýän ýylymyzda aýdym-sazly, döwletli-döwranly, güneşli Diýarymyzda Halkara zenanlar gününiň giňden dabaralanýandygyny we zenan mertebesiniň görlüp-eşidilmedik derejede belende göterilip, enelerimize, gelin-gyzlarymyza birnäçe hormatly atlaryň dakylmagy, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlarynyň gowşurylmagy her bir türkmen zenanlarynyň köňüllerini has-da buýsandyrýandygy barada täsirli çykyş etdiler. Çärede ýaňlanan aýdym-sazlar edepli-ekramly türkmen gelin-gyzlarymyzyň waspnamasy bolup ýaňlandy.
Çäräniň ahyrynda türkmen zenanyna uly hormat, çäksiz sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy.