Mähir doly dünýäm-Enem


Mähir doly dünýäm-Enem



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynda “Mähir doly dünýäm-Enem” ady bilen duşuşyk geçirildi.
Çärede Bahar paslynyň älem-jahany joşdurup, göwünlere şatlyk, mähir-söýgi, ylham paýlaýan nurana günlerinde Halkara zenanlar gününiň giňden bellenilmegi, eziz enelerimize, mährem gelin-gyzlarymyza goýulýan sylag-sarpadan nyşandygyny aňladýar. Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan baýramçylyk pul sowgadynyň berilmegi, indi asylly däbe öwrülip, ýaşaýyş-durmuşymyza aýratyn ýakym çaýýandygy şeýle-de bahar paslynyň ilkinji günlerinden baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylyp başlanmagy, çagalar bagyndaky gyzjagazlardan başlap mährem enelerimize çenli begenjini, şatlygyny goşalandyrýandygy barada çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda il-halkymyzy toýly, döwranly günleriň eýesi eden Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy.