“Mahmal deýin güller açyp, Bahar geldi Watanyma”atly halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan edebi sazly ertirlik


“Mahmal deýin güller açyp, Bahar geldi Watanyma”atly halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan edebi sazly ertirlik



Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda iň körpe okyjylary bilen bilelikde “Mahmal diýen, güller açyp, Bahar geldi Watanyma”atly edebi sazly ertirligini geçirdi. Çäräniň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri çagalara Nowruz baýramynyň taryhy, bu baýrama mahsus bolan milli däp-dessurlar barada täsirli gürrüňler berdiler.
Baýramçylyk dabarasyna gatnaşan höwesjeň okyjylarymyz Milli Bahar baýramyny wasp edýän goşgularyny labyzly aýdyp berdiler. Gurnalan kitap sergisi çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Baýramçylyk çäresiniň ahyrynda milli däp-dessurlarymyzy gaýtadan dikeldip beren Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.