«Magtymguly Pyragy – ynsan kalbynyň öçmejek nury» ady bilen göçme kitap sergisi geçirildi


«Magtymguly Pyragy – ynsan kalbynyň öçmejek nury» ady bilen göçme kitap sergisi geçirildi



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Magtymguly Pyragy – ynsan kalbynyň öçmejek nury» ady bilen göçme kitap sergisi geçirildi.

Gurnalan göçme kitap sergide türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän birnäçe ajaýyp eserler, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hem-de şahyra bagyşlanyp ýazylan birnäçe kitaplar ýerleşdirildi.

Serginiň dowamynda talyplar ýaşlara Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlyklarymyz, gadymdan gelýän medeniýetimiz, edebi mirasymyz ylmy esasda öwrenilýändigi barada gürrüň berildi.

Şeýle-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ähli ulgamlar bilen bir hatarda medeniýet ulgamynda hem uly dabaralaryň, medeni köpçülik çäreleriň geçirilýändigini, şahyryň agzybirligi, ynsanperwerligi, ajaýyp adamkärçilik häsiýetlerini ündeýän, şeýle hem türkmen halkynyň berkarar döwletli bolmagyny arzuwlap ýazan, parasada ýugrulan eserleri biziň gymmatly ruhy baýlygymyzdygy hakynda buýsanç bilen belläp geçdiler.