Çeper sözüň ussatlary” atly edebi agşam


Çeper sözüň ussatlary” atly edebi agşam



(Türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekilleri Myrat Talybynyň doglan gününiň 255 ýyllygyna şeýle-de Zynharynyň doglan gününiň 230 ýyllygyna bagyşlap, “Çeper sözüň ussatlary” atly edebi agşam)

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebinde türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekilleri Myrat Talybynyň doglan gününiň 255 ýyllygyna şeýle-de Zynharynyň doglan gününiň 230 ýyllygyna bagyşlap, “Çeper sözüň ussatlary” atly edebi agşam geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda edebiýatymyzda yz goýan söz ussatlarynyň ömri we döredijiligi barada täsirli gürrüňler edildi. Mekdebiň göreldeli okuwçylary ussat şahyrlaryň döreden goşgularynyň birnäçesini labyzly aýdyp berdiler.
Gurnalan göçme kitap sergisi hem kitap söýüji okyjylarymyzda uly gyzyklanma döretdi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň ömri we döredijiligini ýaş nesillerimize giňişleýin wagyz etmekde uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.