«Sagdyn maşgala- jemgyýetiň berk binýady»
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy we Kärdeşler Arkalaşygynyň guramasy bilen bilelikde «Sagdyn maşgala-jemgyýetiň berk binýady» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.Asyrlaryň dowamynda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip gelen halkymyz saglygyň gadyr-gymmatyna göz ýetirip: «Il saglygy-ýurt baýlygy», «Saglyk-baýlyk», «Sagdyn bedende-sagdyn ruh» diýen ýaly dana pähimleriň üsti bilen ynsan saglygyny jemgyýetiň we ösüşleriň deňsiz-taýsyz baýlygyna, ýaşaýşyň we ruhubelentligiň gözbaşyna deňäpdirler. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Diýarymyzda saglyk ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk ösdürmäge, hil taýdan täze derejelere çykarmaga, ynsan saglygynyň goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilen işler üstünlikli durmuşa gecirilýär diýip, çärä gatnaşanlar täsirli söhbet etdiler. Giňden gurnalan wagyz nesihat çäresiniň dowamynda gelin-gyzlaryň arasynda türkmeniň däp-dessurlaryny berjaý etmek barada, maşgala agzybirligi, çaga terbiýesi dogrusynda, dürli keselleriň öňüni almak dogrusynda hem birnäçe täsirli söhbetler edildi.