“Berkarar Watanyň bagtly ýaşlary”


“Berkarar Watanyň bagtly ýaşlary”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Berkarar Watanyň bagtly ýaşlary” ady bilen kitap sergi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ýagty geljegi ugrunda beýik işleriň durmuşa geçirilýändigi, ýaşlaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklary, sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda uly aladalar edilýär. Şeýle işleriň sakasynda bolsa Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlara bildirýän ynamynda görmek bolýar.

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ýaşlar hakyndaky edilýän alada ýaşlaryň ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşýandygy, olaryň iň döwrebap tehnologiýalara erk-etmekleri, dünýä dillerini bilmekleri üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýänligi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda bagtyýarlygyň aýdyň ýoluny guran Gahryman Arkadagymyza, bu ýol bilen ynamly öňe alyp barýan Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.