Hormatly Prezidentimiziň “Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly kitaby barada söhbetdeşlik


Hormatly Prezidentimiziň “Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly kitaby barada söhbetdeşlik



Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda kitaphananyň hünärmenleri bilen Gahryman Arkadagymyzyň täze çapdan çykan “Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly kitabyny tanyşdyrmak maksady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda milli Liderimiziň bu ajaýyp kitabynda geçen 2021-nji “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda şeýle hem “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň başynda halkara çärelerde eden çykyşlary, daşary ýurtlaryň iri köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beren interwýulary jemlenendigi barada buýsançly gürrüňler edildi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň üstüni ýetirýän “Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly kitabynyň tutuş halkymyz, kitaphanaçylar aýratyn-da, ýaş žurnalistler we diplomatlar üçin gollanma bolup hyzmat etjekdigi aýratyn nygtaldy.
Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda şeýle ajaýyp kitaplary ýazyp, halkymyza peşgeş berýän hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.