Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly täze kitabyny ýaş nesilleriň arasynda tanyşdyrmak


Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly täze kitabyny ýaş nesilleriň arasynda tanyşdyrmak



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi.

Dabaranyň dowamynda bu ajaýyp eseriň her adamyň durmuşyny dogry guramagy baradaky gollanmadygy buýsanç bilen nygtaldy. Milli Liderimiziň “Ömrümiň manysy” atly kitabynyň dowamy bolan “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly eserinde öz beýanyny tapýan ýagşylyk, Watan we ene mukaddesligi, ylym-bilim, watançylyk, kitap, döredijilik, zehin, sungat, ekologiýa we tebigat terbiýesi babatdaky çuň we parasatly pikirler bilesigeliji okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy. Hünärmenlerimiz Gahryman Arkadagymyzyň manyly ömrüni, beýik üstünliklerini dowam etdirýän, halkymyzy ýagty geljege, aýdyň ertirlere, dowamata batly gadamlar bilen alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň il-halkymyz üçin bitirýän beýik işleri barada buýsançly gürrüňler etdiler.

Dabaranyň ahyrynda şeýle ajaýyp eseri halkymyza sowgat eden Gahryman Arkadagymyza, peder dowamaty Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.