“Bitaraplyk bagtyýarlygynyň binýady”


“Bitaraplyk bagtyýarlygynyň binýady”



Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň, Döwlet kitaphanasynyň, Merkeziň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda “Bitaraplyk bagtyýarlygynyň binýady” atly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler sözleriniň başynda baýramçylyk mynasybetli dabara gatnaşyjylary gutladylar, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň tanalmaz derejede özgerenligi, barha belent sepgitlere ýetýän döwletimiziň halkara derejesinde abraýynyň hem barha ýokarlanýanlygyny belläp geçdiler.Şeýle hem habar beriş serişdelerinde çykyş edýän birnäçe tapawutlanan işgärlere Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň sowgatlary gowşuryldy. Çykyş edenler sözleriniň ahyrynda Hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli hemmäniň zähmet sowgatlary bilen bu şanly baýrama barýanlygyny nygtadylar hem-de dabaranyň soňunda Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.