“Pyragy hem Arkadag ömrümize şamçyrag”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Ylham seýilgähinde “Pyragy hem Arkadag ömrümize şamçyrag” ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we döredijilik duşuşygy geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bu gün Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny içgin öwrenmäge giň mümkinçilikleriň döredip berilmegi, Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda müdimi orun eýeleýändigi barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz her bir ugurda gymmatly maglumatlary özünde jemleýän ajaýyp kitaplary ýazyp, nesillerimiziň hemmetaraplaýyn kämil bolmagyna uly ýardam berýänligi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda gurnalan kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Magtymguly Pyragynyň kitaplary, ata Watanymyzyň dünýä derejesindäki ösüşlerini hemmetaraplaýyn açyp görkezýän edebiýatlar ýerleşdirildi we tanyşdyryldy.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.