“Arkadag şäheri – geljegiň şäheri” atly kitaby çagalaryň arasynda wagyz etmek


“Arkadag şäheri – geljegiň şäheri” atly kitaby çagalaryň arasynda wagyz etmek



Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde “Çynar” çagalar dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda ýaňy-ýakynda “akylly” Arkadag şäheriniň dabaraly açylyşynyň öňisyrasynda bu ajaýyp şäher hakynda çap edilen “Arkadag şäheri – geljegiň şäheri” atly täze kitabyň many-mazmuny çagalaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda bu ajaýyp kitabyň many-mazmuny, bölümleriniň aýratynlygy barada täsirli gürrüňler edildi. Hünärmenlerimiz kitapdaky suratlar esasynda Arkadag şäherinde gurlan binalaryň gözelligi, gurluş aýratynlygy, ol binalardaky tebigy gözelligiň we döwrebaplygyň sazlaşygy barada buýsanç bilen nygtadylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi, kitap bilen ýakyndan dostlaşmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.