«Saglyk bagtyýar durmuşyň gözbaşydyr»


«Saglyk bagtyýar durmuşyň gözbaşydyr»



TSG we DS ministrligi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde «Saglyk bagtyýar durmuşyň gözbaşydyr» atly wagyz-nesihat ýygnagy geçirildi. Giňden gurnalan söhbetleriň dowamynda gelin-gyzlaryň arasynda türkmeniň däp-dessurlaryny berjaý etmek barada, maşgala agzybirligi, çaga terbiýesi dogrusynda, dürli keselleriň öňüni almak dogrusynda, ýer asty we ýer üsti geçelgelerinde ýol düzgünlerini berjaý etmek dogrusynda giňişleýin gürrüň boldy. Hünärmenler diňleýjileriň soraglaryna durmuş deňeşdirmeleri bilen jogap berdiler. Wagyz-nesihat ýygnagynyň çäklerinde «Sagdynlygyň we ruhubelentligiň diýary» ady bilen giňişleýin kitap sergisi hem gurnaldy. Ýygnagyň soňunda wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylar durmuşymyzda sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmekde döwlet derejesinde alyp barýan beýik işleri üçin Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.