“Nowruz geldi bu bagtyýar Diýara”


“Nowruz geldi bu bagtyýar Diýara”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy “Türkmengaz” döwlet konserniň medeni-işewürlik merkezinde “Nowruz geldi bu bagtyýar Diýara” ady bilen wagyz-nesihat çäre geçirildi.

Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli bahar baýramy her ýyl biziň ýurdumyzda uly şatlyk-şowhun dabara bilen bellenilýänligi, Nowruz baýramy halklary birek-birek bilen ýakynlaşdyrýan, ynsanperwerligi we zähmetsöýerligi ündeýän, dünýä derejesinde dost-doganlyga we parahatçylyga çagyrýan baýrama öwrülendigi şeýle-de pasyllaryň soltany bahar paslynda bellenilýän bu baýram ynsanlaryň kalbyny ruhy joşguny, gözellige halallyga, söýgini döredýär. Bu aýaýyp baýramda birek-birekden öýke-kine edilmän agzybirlikde gatnaşylyp, täze egin-baş geýilýändigi we türkmen halky bu baýramy uly joşgun aýdym-sazly dabaralar bilen giňden belleýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda milli bahar paslymyzy wasp edýän goşgular ýerine ýetirildi.

Çäräniň ahyrynda milli däp-dessurlarymyzy dünýä ýaýmakda we giňden öwrenmek üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.