“Ol sahnada ýaşaýardy” atly ussat dramaturg Bazar Amanowyň doglan gününiň 115 ýyllygyna bagyşlanan söhbetdeşlik


“Ol sahnada ýaşaýardy” atly ussat dramaturg Bazar Amanowyň doglan gününiň 115 ýyllygyna bagyşlanan söhbetdeşlik



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary bilen ussat dramaturg Bazar Amanowyň doglan gününiň 115 ýyllygyna bagyşlap, “Ol sahnada ýaşaýardy” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenimiz talyplara Bazar Amanowyň ömri we döredijiligi barada täsirli gürrüňler berdiler. Şeýle-de ussat artist, dramaturg Bazar Amanowyň janlandyran sahna oýunlaryndan pursatlar, fotosuratlar esasynda gurnalan sergi bilen ýakyndan tanyşdylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda sungat ussatlarynyň ömri we döredijiligini ýaş nesillerimize giňişleýin wagyz etmekde uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.