“Şygyrlary dünýä meşhur Akyldar”


“Şygyrlary dünýä meşhur Akyldar”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň bilen 7-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Şygyrlary dünýä meşhur Akyldar” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda milli mirasymyzyň döwrebap derejede ösdürilmegine uly üns berilýär. Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy türkmen halkynyň ruhy gymmatlygyna öwrülýär. Çärede şahyryň şygryýet dünýäsi özüniň baý many-mazmuny bilen tapawutlanýandygy, şygyrýet älemine syýahat edýän her bir ynsan onuň dürdäne setirlerini, paýhasly pikirlerini okap, özüniň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýandygy we onuň goşgularynyň ýaşlary terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk bolup durýandygy barada çykyş etdiler.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.