“Türkmen halk ertekileri”


“Türkmen halk ertekileri”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy Gökdere jülgesinde ýerleşýän “Çeşme” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Türkmen halk ertekileri” atly çeper okaýyş geçirdi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesli, onuň saglygy we goraglylygy ugrunda alnyp barylýan beýik işler şeýle-de häzirki wagtda tomus dynç alyş günlerinde dynç alýan bagtyýar körpelerimiz ýurdumyzyň gözel künjekleriniň biri bolan Gökdere jülgesinde, rahat, asuda dynç alyp wagtlaryny gyzykly, şadyýan geçirýän, ýaş nesilleriň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmagy hem-de döwrebap bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleriň durmuşa geçirilýändigi barada giňişleýin çykyş edildi.
Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan “Ömrümiň manysy” atly kitaby çagalarda uly täsir galdyrdy.
Türkmen halk ertekilerinden gyzykly ertekiler çagalara okalyp berildi.
Çäräniň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.