“Şygryýet äleminiň ussady”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda okyjylar bilen “Şygryýet äleminiň ussady” atly döredijilik duşuşygy geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň her bir gününiň toý baýramlara beslenýänligi, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň türkmen şygryýetiniň gymmat bahaly baýlygydygy, häzirki wagtda bitewiligini, agzybirligini berkitmekde uly ähmiýete eýe bolup durýanlygy, şonuň üçin hem türkmen halkynyň Magtymguly Pyraga buýsanjy uludyr. 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300-ýyllygyny halkara derejede belleniljekdigi hem-de bu baýramçylyga ýurdumyzyň her bir ýerinde häzirki günlerden uly taýýarlyk görülýänligi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda talyp ýaşlar bilen sorag-jogaplar alyşyldy we Magtymguly Pyragynyň ajaýyp goşgulary ýerine ýetirildi.
Çäräniň ahyrynda hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.