“Garaşsyz Watanym Türkmenistanym, şahyrlaryň dillerinde dessanym”


“Garaşsyz Watanym Türkmenistanym, şahyrlaryň dillerinde dessanym”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň hem-de Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bilelikde gurnamagynda “Garaşsyz Watanym Türkmenistanym, şahyrlaryň dillerinde dessanym” atly döredijilik duşuşygy geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşlerini, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda durmuşa geçirilýän ägirt uly işleri dogrusynda gyzykly gürrüň berdiler we döredijilik işgärleri ata Watanymyzyň, Garaşsyzlygymyzyň waspyny ýetirýän birnäçe goşgulary okadylar. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň aýrylmaz bir bölegi bolan kitaphanalar barada, olarda alnyp barylýan işler dogrusynda kitaphanaçylaryň eden çykyşlary bolsa çäräniň has-da täsirliligini artdyrdy.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.