“Garaşsyzlyk-buýsanjymyz, bagtymyz”
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde gurnamagynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyzlyk- buýsanjymyz, bagtymyz” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Bu çärede Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde Garaşsyzlyk ýyllary içinde şan-şöhratly geçen ýollary, Garaşsyzlygymyzyň türkmeniň ruhuny galkyndyryp, arzuw-hyýallarynyň wysal tapmagyna, gadymdan gelýän ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk,
dost-doganlyk, myhmansöýerlik däpleriniň asylly ýörelgelere öwrülendigi, milli gymmatlyklarymyzy dikeltmäge, däp-dessurlarymyzy, edim-gylymlarymyzy,
ýol-ýörelgelerimizi berjaý etmäge uly mümkinçilikleriň döredilendigi, ýurdumyzda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içerki we daşarky syýasatynyň has-da dabaralanýandygy, mukaddes Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan bäri 30 ýylyň dowamynda her pudakda gazanylan üstünlikler barada giňişleýin gürrüň edildi. Çärä gatnaşan döredijilik işgärleri öz ýürek buýsançlaryny goşgy setirleriniň üsti bilen beýan etdiler. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aytdylar.Türkmen halkymyzy eşretli, asuda durmuşda ýaşadýan Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, il-yurt bähbitli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.