“Baş alada-halkyň saglygy”


“Baş alada-halkyň saglygy”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 37-nji orta mekdebiň bilelikde gurnamagynda “Baş alada-halkyň saglygy” ady bilen wagyz nesihat çäresi geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýaş nesilleriň boş wagtlaryny bedenterbiýe we sporta sarp edip, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi üçin ähli amatlyklaryň döredilendigini hem-de häzirki döwürde ýurdumyzda sporty ösen derejä ýetirmek, halkymyzyň saglygyny pugtalandyrmak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde bu ugurda saglyk merkezlerini, dynç alyş merkezlerini, dürli ugurly şypahanalaryň gurulyp ulanmaga berilmegi şeýle-de ol ýerde halkymyzyň öz saglyklaryny dikeldip döwrebap dynç alýandyklaryny ata-babalarymyzyň “Il saglygy-ýurt baýlygy” diýýän çuňňur manyly sözlerden ugur alýan halkymyz ýaş nesilleri sagdyn ruhly , berk bedenli şadyýan şähdaçyk, ruhubelent edip ýetişdirmek üçin saglygyň sakasy bolan sporta ünsi barha güýçlendirýändigi barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary esasynda gurnalan kitap sergisi çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda halkymyzyň saglygy hakynda yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.