“Zenan ýaşaýşyň dowamaty”


“Zenan ýaşaýşyň dowamaty”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasy bilen 59-njy orta mekdebiň bilelikde gurnamagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli “Zenan ýaşaýşyň dowamaty” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylymyzyň her bir güni toýdur, baýramlara, taryhy wakalara beslenip, eziz Watanymyz Türkmenistan parahatçylygyň we abadançylygyň sebit merkezi bagtyýar durmuşyň, döredijilikli zähmetiň gaýnap joşýan mekany hökmünde älem ýüzüne ýaň salýandygy, şeýle-de ýurdumyzda Zenan mertebesini arşa göterýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde zenanlarymyza uly sarpa hormatyň goýulýanlygy barada giňişleýin belläp geçdiler.

Çäräniň dowamynda maşgala mukaddesliginiň synmajak sütüni bolan bahar gülleri ýaly owadan, mähirli, sadadan sypaýy gelin-gyzlarymyz türkmen Zenanyna mahsus asyllylygyň we edep-ekramlylygyň terbiýe mekdebidigi, şeýle-de ýurdumyzy ösdürmekde, eziz Watanymyzyň gelejegi bolan ýaş nesilleri sagdyn bedenli, ruhubelent, Watana wepaly, ynsanperwer, kämil adamlar bolup ýetişmeklerinde öz mynasyp goşantlaryny goşýanlygy barada belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym - mukaddeslige tagzym” atly ajaýyp eserinden okap berdiler we şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän halkyny döwletli döwranyň goýnunda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.