Şanly ýylyň şanyna edebi duşuşyk geçirildi


Şanly ýylyň şanyna edebi duşuşyk geçirildi



5-nji oktýabrda 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň guramagynda Aşgabat şäheriniň 21-nji ýöriteleşdirilen-terbiýeçilik okuw mekdebinde edebi duşuşyk geçirildi.

Kitaphana işgärleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň, okuwçylaryň gatnaşmagynda geçirilen agşamda «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm müdiri, şahyr Süleýman Ilamanow, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň uly habarçysy Meýlis Garajaýew Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň ýaşlaryna bildirýän uly ynamy barada, şu ýylda Köpetdagyň gözel künjeginde gurlup ulanylmaga berlen ýaşlaryň şäheri bolan Arkadag şäheri we bu ýerde ýaş nesliň bilimli, ylymly, watanperwer adamlar bolup ýetişmekleri üçin döredilen şertler barada täsirli gürrüň berdiler.

Edebi agşamda şahyr Süleýman Ilamanow, Meýlis Garajaýew Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işlerini wasp edýän goşgularyny okadylar. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Amantagan Aýjanow Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymlary ýerine ýetirdi.