“Konstitusiýa we Baýdak-mizemez mukaddeslikler”
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 7-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Konstitusiýa we Baýdak-mizemez mukaddeslikler” ady bilen aýdym-sazly medeni çäre geçirildi.
Çärede: Ata Watanymyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň her ýylyň 18-nji maýynda uly baýram edilip bir günde bellenilmegi ýurduň jemgyýetçilik durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýýandygy, bu iki mukaddeslik halky parahat durmuşda, bagtyýar ýaşaýyşa, döredijilikli zähmete ruhlandyrýan buýsanç çeşmesidigi, esasy Kanunymyz Türkmenistan döwletiniň emele gelmeginiň hukuk esasyny düzýän bolsa, Döwlet baýdagymyz türkmen halkynyň agzybirligini, Garaşsyzlygyny we döwlet Bitaraplygyny alamatlandyrýar. Garaşsyz Türkmenistanyň esasy kanunynyň Konstitusiýasynyň kabul edilmegi bilen hukuk we dünýewi gurluşynda ilkinji ädimler ädildi. Halkymyz bu gün Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eýesi boldular. Halkyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşatmak ýurdumyzyň baş şygary bolup durýandygy, ilatyň bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähmiýetli işler alnyp barylýandygy, munuň özi ata Watanymyzda syýasy ulgamyň demokratik ýörelgelere esaslanýandygyny görkezýär diýip çärä gatnaşanlara gürrüň berildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bir günde bellenilmegi iki mukaddeslige goýulýan hormatdan nyşandyr.
Ýurdumyzy gülledip ösdürmekde, halkymyzyň kanun taýdan goraglylygyny üpjün etmekde taýsyz tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun!