“Halkyň Arkadagly zamanasy – Döwletli döwranyň waspnamasy”


“Halkyň Arkadagly zamanasy – Döwletli döwranyň waspnamasy”



Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň binasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky kitaphanalardan döwrebap: öňdebaryjy, ökde we ussat wagyzçy kitaphanaçyny ýüze çykarmak maksady bilen yglan eden “Halkyň Arkadagly zamanasy – Döwletli döwranyň waspnamasy” ady bilen hünär bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Bu bäsleşige Aşgabat şäheriniň hem-de welaýat kitaphanalarynyň kitaphana hünärmenleri gatnaşdylar. Bäsleşik 3 şertden ybarat bolup, her şert boýunça kitaphana hünärmenleriniň ýerine ýetiren işleri seljerildi. Emin agzalary bäsleşige gatnaşýan kitaphana hünärmenleriniň “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda içeri we daşary syýasaty wagyz edişlerine, Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanyp maslahatlaryň geçirilip, olara okyjylaryň işjeň gatnaşygyny gazanmak hem-de geçirilen çäreleriň teleýaýlymlarda we gazet-žurnallarda habar berilişine üns berdiler.

Bäsleşigiň ikinji, jemleýji tapgyry hem guramaçylykly geçirilip, onda baş baýraga Lebap welaýat kitaphanasynyň birinji derejeli usulçysy Akgül Şamuhammedowa mynasyp boldy. Birinji orna Mary welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Gunça Ataýewa, ikinji orna ýene-de şu welaýatdan kitaphanaçy Seýitmuhammet Seýitmuhammedow, üçünji orna Aşgabat şäheriniň merkezleşdirilen kitaphana ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky şahamçasynyň müdiri Enejan Geldiýewa mynasyp boldular. Ýeňijilere Medeniýet ministrliginiň Hormat hatlary hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

Bäsleşigiň ahyrynda medeniýet ulgamyny ösdürmekde uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.