Halkara zenanlar gününe bagyşlap “Zeminiň zynaty ene” atly söhbetdeşlik geçirildi


Halkara zenanlar gününe bagyşlap “Zeminiň zynaty ene” atly söhbetdeşlik geçirildi



Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy kitaphananyň ilkinji zenanlar guramasy bilen bilelikde ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 4-nji orta mekdebinde 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli “Zeminiň zynaty ene” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kümüş saçly enelerimiz, olaryň mähremligi, perzentlerine söýgüsi, nesillere nusgalyk el hünäri barada täsirli gürrüňler edildi. Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň el hünäri barada şeýle-de häzirki wagtda ýurdumyzda zenanlara döredilip berilýän giň mümkinçilikler barada hem aýratyn nygtaldy. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda aýratyn täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda zenanlara, mährem enelere çäksiz sarpa goýýan hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.