“Bitaraplyk - agzybirligiň, parahatçylygyň nyşany” atly baýramçylyk dabara geçirildi


“Bitaraplyk - agzybirligiň, parahatçylygyň nyşany” atly baýramçylyk dabara geçirildi



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebinde “Bitaraplyk -agzybirligiň, parahatçylygyň nyşany” ady bilen baýramçylyk dabarasyny geçirdi.
Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň hemişelik Bitaraplygymyz we onuň ähmiýeti, Bitaraplygymyza ýetilýänçä, ata-babalarymyzyň geçen taryhy ýoly baradaky dürdäne setirlerini hünärmenlerimiz ýaş nesillere aýdyp berdiler. Şeýle-de 26 ýylyň içinde ýurdumyzyň dürli ugurlar boýunça ýeten belent sepgitleri barada aýratyn nygtaldy. Dabara gatnaşan kitap söýüji okyjylarymyz hem hemişelik Bitaraplygymyzy, asuda Asmanymyzy, parahat Zeminimizi wasp edýän goşgulary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzy dünýäde parahatçylygy goldaýan, hoşniýetli hyzmatdaşlyga ygrarly döwlet hökmünde tanadan Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.