“Täze Galkynyş eýýamynda medeni mirasymyzyň sarpasy”


“Täze Galkynyş eýýamynda medeni mirasymyzyň sarpasy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanada “Täze Galkynyş eýýamynda medeni mirasymyzyň sarpasy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýyllar – ýyllardan zyýada gelýär. Türkmen halky uly ruhubelentlik bilen täze 2023-nji ýyl “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly’’ diýlip atlandyrylmagy ähli türkmen halkyny diýseň buýsandyrýandygy, Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplarynyň milli mirasymyzy medeniýetimizi öwrenmekde we dünýä ýaýmakda tutýan ornunyň örän uludygy barada giňişleýin söhbet etdiler. Şeýle-de ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyndaky ösüşler, özgerişleri, päk ahlakly, giň dünýägaraýyşly, sagdyn ruhly ylymly–bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde kitaphanalarda alnyp baryljak işler barada buýsanç bilen gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda öz halkynyň bagtly geljegi barada alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan il ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.