Ýalkym saçýar medeniýetiň şuglasy, Ösüşlere eýe türkmen sungaty
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Ýalkym saçýar medeniýetiň şuglasy, Ösüşlere eýe türkmen sungaty” atly edebi-duşuşyk dabarasy geçirildi. Dabarada Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik Akademiýasynyň amal-haşam kafedrasynyň Sungaty öwreniş fakultetiniň uly mugallymy Azat Annaýew, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň uly mugallymy Mahri Hojaýewa, Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminiň bölümçe müdiri Çinar Amansähedowa.
Çykyş edenler ösüşli her bir güni belent sepgitleri nazarlaýan ýurdumyzda toý-baýramlaryň goşadan toýlanmagy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni has-da dabaralandyrýandygy, mähriban halkynyň bagtyýarlygyny olaryň sagdynlygynda, ruhubelentliginde görýän hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň “Tükmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip yglan edilmegi hem buýsanja beslenen wakalaryň biri bolandygy barada hem-de Watanmyzyň at-owazasyny, halkara abraýyny belende götermekde, Oguz han nesli türkmeniň bäş müňýyllyk geçmiş taryhynda möhüm orun eýeleýän parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini has-da dabaralandyrmakda aýratyn ahmiýete eýedigi barada gürrüň berdiler.
Bu ýylda naýbaşy seneleriň ikisiniň- mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň hem-de paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň bellenilmegi toýlarmyzyň toýa ulaşýandygynyň nobatdaky güwäsidigi bellenip geçildi.
Dabaranyň çäklerinde “Garaşsyzlyk bilen galkynan Diýar!” atly kitap sergisi guraldy. Sergide hormatly Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary hem-de türkmen medeniýetine we sungatyna degşli kitaplar sergilendi.