“Beýik ösüşler täze üstünliklere beslenýär”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirlen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň gurnamagynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen bilelikde “Beýik ösüşler täze üstünliklere beslenýär” ady bilen aýdym-sazly çäre geçirildi we kitap sergisi gurnaldy.
Çärede her bir güni toý-baýramlara beslenýän asuda, parahat ýurdumyzda beýik işleriň durmuşa ornaşdyrylýandygyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy ähmiýetli wakalary ýurdumyzda umumadamzat bähbitli beýik işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny, häzirki wagtda ýurdumyz parahatçylygy we asudalygy dabaralandyrýan ylalaşdyryjy merkez hökmünde dünýä halklarynyň ünsüni özüne çekýändigi hakynda giňişleýin gürrüň berildi.
Çäräniň dowamynda ata Watanymyzy, ene topragymyzy wasp edýän aýdymdyr-sazlary bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda Berkarar döwleti beýik ösüşlere besleýän, parahatçylygy we asudalygy pugtalandyrýan Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.